Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Otunbaýewany «Gaýduwsyz zenan» baýragy bilen sylaglaýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Ak Tamda Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa bilen duşuşýar, Waşington, 7-nji mart, 2011-nji ýyl.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Ak Tamda Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa bilen duşuşýar, Waşington, 7-nji mart, 2011-nji ýyl.

Duşenbe güni Waşingtonda, Ak Tamda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama we onuň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Tom Donilon Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa bilen duşuşdylar.

Duşuşykda taraplar gyrgyz-amerikan gatnaşyklary we Gyrgyzystandaky demokratik prosesleri goldamak meselesinde Birleşen Ştatlaryň oýnaýan roly bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu duşuşykda amerikan resmileri prezident Roza Otunbaýewany Birleşen Ştatlaryň Döwlet Departamentiniň «Gaýduwsyz zenan» atly ýörite baýragy bilen sylaglamak barada gelen karary bilen gutladylar. Bu baýrak 8-nji martda Roza Otunbaýewa gowşurylar diýlip garaşylýar.

ABŞ-nyň prezidentiniň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Tom Donilon prezident Roza Otunbaýewanyň Gyrgyzystanyň geçiş döwründe ýurdy demokratiýa tarap alyp barmakda görkezýän edermenliginiň tutuş Merkezi Aziýa regiony we halkara jemgyýetçiligi üçin oňyn umytlary döredýändigini nygtady.
XS
SM
MD
LG