Sepleriň elýeterliligi

Ganatlaryň pel-pelleýä depämde,
Durnamy sen, guwmy sen?
Näumyt hassany dikeldýä lebiň,
Aýnalbaky suwmy sen?

Tümde goşa ykbal azaşmaz ýaly,
Hiç ýaşmaýan günmi sen?
Çyn söýginiň kükreginde açylan,
Hiç solmaýan gülmi sen?

Gamgyn duýgulary ýele sowurýan,
Aýdymmy sen, sazmy sen?
Gara gyşyn ak garyny eredýän,
Baharmy sen, ýazmy sen?

Maý bermeýen dikeltmäge egnimi,
Beýle agyr ýükmi sen?
Ýa-da sana irde-giçde ötmesem,
Sabyn çalnan ýüpmi sen?

Sowal bermek ansat, jogap tapma kyn,
Ody ýakan öçürer.
Öz ykbalyn ýazyp, ýalňyş goýberen
Iliňkiden göçürer...

Şiraly Nurmyrat Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG