Sepleriň elýeterliligi

«Şejerä» ynanmalymy?


Möwlamow: "Her bir halkyň özi öz taryhyny gowy ýazýar".

Möwlamow: "Her bir halkyň özi öz taryhyny gowy ýazýar".

Alym Soltanşa Atanyýazowyň «Şejere» kitaby türkmenleriň nesil daragty (gelip çykyşy) hakdaky kitapdyr. Bu kitabyň çapdan çykan döwürleri hemmeler şu kitaby gözlediler, ony lezzet bilen okadylar. Öz ata-babalarynyň gelip çykyşy baradaky faktlara syn saldylar. Gepiň küle ýeri, merhum alym Soltanşa Atanyýazowyň «Şejere» kitaby halk tarapyndan örän şüweleňli garşylandy. Sebäbi her bir adam özüniň haýsy bagyň miwesidigini bilmek isleýär ahbeti.

Gürrüňini edýän kitabym 1994-nji ýylda «Turan-1» neşirýaty tarapyndan çap edilen-de bolsa, kitabyň materiallarynyň Türkmenistan Garaşsyzlygyny almazyndan has öň, ýagny sowet döwründe ýygnalandygy belli. Sebäbi alynýan mysallar diňe ors çeşmelerine salgylanyp alnypdyr, diňe ors alymlarynyň ylmy işlerinden peýdalanylypdyr.

Türkmenleriň geçmiş taryhyna degişli maglumatlary, her näçe gynançly hem bolsa, arap-pars çeşmelerinden gözlemelidigini her bir ýüze çykýan taryhy ýazgylar göze dürtüp duran-da bolsa, sowet döwründe «arap, pars» diýen sözi agzamakdan-da türmäniň ysy gelýärdi. Orslar türkmenlere öz taryhlaryny ine-gana ýazmaga-da rugsat bermediler. Bu sözlerimizi biz kiçijik iki sany mysal arkaly hem subut edip bileris.

Sowet hökümetiniň 1930-njy ýyllarda başlan bas-ha-baslygynyň ysy 1950-nji ýyllarda hem köşeşmändi. Ençeme alymlar, edebiýatçylar bilen bir hatarda belli türkmen filology, professor Baýmuhammet Garryýew hem tussag edilipdi. Onuň bar günäsi öz ylmy işlerinde «Turan, turanlylar» diýen sözi köp ulananlygydy. Sebäbi ol öz ylmy işlerinde şahyr Ferdöwsiniň «Şanama» poemasyna ýüzlenýärdi. Şanamada bolsa Eýran patyşalary hakda-da bardy, Turan ýurdy, Turan patyşalary hakda-da. «Turan» sözüni agzaman, «Şanama» hakda hiç bir zat ýazyp boljak däldi.

1974-nji ýylda meşhur türkmen alymy Mäti Kösäýew ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň 80 ýyllygyna bagyşlap «Mydam taýýar» gazetine «Turanyň aksakgaly» diýen makalany ýazany üçin işden kowuldy hem bütin ömrüne ýanalyp gezildi.

Men bu makalany başlamak bilen, alymlar Mäti Kösäýew bilen Baýmuhammet Garryýew hakda ýazmak islemedim. Türkmenleriň geçmiş taryhda orsuň çeşmesinden başga çeşmä ýüzlenmeginiň örän uly betbagtçylyklara eltendigini nygtamak isledim.

Ýagdaý şeýle bolansoň, türkmen alymlary diňe halk arasyndaky ýalan-çynlygy näbelli rowaýatlara hem-de ors alymlarynyň çeşmelerine ýüzlenip ýaşamaly boldular.

Öz gysymynda saklaýan on bäş respublikasynda ýaşaýan milletleriň ählisiniň taryhyny ýazmak islän sowet alymlarynyň çeşmeleri bolsa asla dogry däldi. Sebäbi hiç bir keseki halk başga biriniň taryhyny ol halkyň özüçe ýazyp bilmeýär. Her bir halkyň özi öz taryhyny gowy ýazýar.

«Olam»

Ine, şu sebäplere görä-de alym Soltanşa Atanyýazowyň sowet döwründe ors çeşmelerine salgylanyp ýazan «Şejere» kitaby durşy bilen ýalňyş çykypdyr. Bu kitap durşy bilen täzeden ýazylmaly ýagdaýda. Belki, geljekde alymlar bu işe üns sowarlar. Men welin häzirlikçe öz sözlerime delil üçin kitapdaky birki sany pikiriň ýalanyny çykaryp oňmakçy. Şolaryň biri «Olam» taýpasy hakdaky pikirler.

Soltanşa Atanyýazow öz «Şejere» kitabynda Hojambaz raýonynda ýaşaýan olamlary, Dostluk raýonyna degişli Olamsurhyny, Täjigistanda, Owganystanda ýaşaýan olam tiresini, Ýolöten we Saragt raýonlaryndaky Alamdepäniň töwereginde ýaşaýan alamlary, Kawkazda ýaşaýan osetinlere çenli düýbi bir tire-taýpa diýen netijä gelýär. «Olam» diýen sözüň gelip çykyşy hakda bolsa rowaýat getirýär: hamala taryhy şahs bolan Ärsarybaba öz toýunda hyzmat edip ýören bir oglana «Olam» (ol hem) biziň öz oglumyz» diýenmiş. Şu sözden soň «olamlar» taýpasynyň ady döränmiş. «Alam, olam» sözleriniň dürli-dürli ýazylyşyny bolsa merhum alym Soltanşa Atanyýazow ors alymlarynyň çeşmelerine salgylanmak bilen, sözleri düzýän sesleriň üýtgemeginiň netijesi diýip düşündirýär.

Emma hakykatda welin, bu getirilýän sözleriň hiç birisiniň tire-taýpa atlary, biri-biri bilen baglanyşygy ýokdur. «Olam» diýmek pars dilinde «çapar» diýen manyny berýär. «Äläm» sözi «baýdak» diýmekdir. Ýöne rus dilinde «ä» harpy bolmansoň, «äläm» sözüni hem ruslar «alam» diýip ýazýarlar hem-de ol ýasalan söz «olam» bilen bir manydadyr öýdýärler. «Sorh» sözüniň «gyzyl» diýen manysynyň bardygyny bileňsoň, «Olamsurhy» «Gyzyl çapar» bolar duruberer.

Türkmenistanyň Hojambaz raýonynyň aňry ýanynda täjigistanlylaryň pars dilinde gepleýäninden çen tutsaň, bu sözüň köküni Osetiýadan gözläp ýörmek asla gerek däl. Şeýle hem Täjigistanyň käbir raýonlarynda «olamlaryň» barlygyny geňläp oturmaly däl. Sözleriň hemmesi öň ors diliniň üsti bilen alnanlygy sebäpli, «Olamsurhy» sözüniň «çapar» manysyny berýän «olam» sözünden alnypmy, ýa-da «baýdak» manysyny berýän «äläm» sözünden alnanlygyny anyklamaly. Ony anyklamak üçin «Olamsurhynyň» täjik parslarynda nähili ýazylanyny görmeli. Eger «olam» görnüşde ýazylan bolsa, onda ol söz «çapar» bolýar, eger «äläm» görnüşde ýazylan bolsa, söz «baýdak» manysyny berýär. «Gyzyl çapar» ýa-da «Gyzyl baýdak».

«Gyzyl baýdak» sözüniň sowet hökümeti döwründe dakylmadyk ýeri ýok. Sowet soýuzynyň on bäş respublikasynyň ählisiniň obalaryna «Gyzyl baýdak» adyny dakyp çykdylar. Şonuň üçin bu sözüň Özbegistanda, Täjigistanda gabat gelýäninem geňläp oturmaly däl. Buharadaky «olamýoly» diýlen ýoly, Daşoguz welaýatynyň Ýylanly raýonyndaky «olamýap» diýlen ýaby bolsa «çapar» sözi bilen baglap bolar.

Ýolöten hem Sarahs etraplaryndaky «Alamdepäniň» asla «olam» sözi bilen bagly ýeri ýok. Sebäbi bu söz hem pars dilinde «aläm» görnüşinde ýazylyp, ol «giňişlik, dünýe, älem» diýen manylary berýär. Diýmek «Alamdepe» — «giň depe», «ýaýraň depe» diýen manydadyr.

Bir ylmy iş ýazmak üçin alymyň bütin ömri sarp bolýar. Ol ömürde edilen iş hem puja çyksa, sarp edilen ömrüň hem puja çykdygydyr. Diýmek, seniň dünýede ýaşanyň-ýaşamanyň bildirmeýär. Ine, kommunistleriň gysymy sowet alymlaryny şeýle ýagdaýa salypdy.

Çoluk Möwlamow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG