Sepleriň elýeterliligi

Žak Şiragyň işi boýunça sud diňlenişigi gaýra süýşürildi


Sişenbe güni Fransiýanyň sudy ýurduň öňki prezidenti Žak Şiragyň üstünden sud diňlenişigini iýuna çenli gaýra süýşürdi. Bu sud diňlenişigi duşenbe güni başlanypdy.

Žak Şiraga onuň 1990-njy ýyllarda Parižiň häkimi bolan döwründe galp iş orunlaryny döredip, şäheriň pullaryny öz partiýasyna geçirmekde aýyplama bildirilýär.

Žak Şirak bu aýyplamalary ret edýär.

Eger-de 78 ýaşly Žak Şiragyň günäsi subut edilse, onda oňa 10 ýyla çenli türme tussaglygy berilmek howpy bar. Şeýle-de Şiraka 150,000 ýewro jerime salnyp bilner.
XS
SM
MD
LG