Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda Talybanyň gurnan partlamasynda 23 adam öldi


Sişenbe güni Pakistanyň Punjab welaýatyndaky ýangyç guýulýan stansiýasynda talybanlar tarapyndan gurnalan partlaýjy serişdeli ulag ýaryldy.

Ýurduň polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, bu partlamada azyndan 23 adam ölüpdir, başga-da ýüzlerçe adam ýaralanypdyr.

Bu partlama sebäpli golaýdaky binalara we ençeme ulaglara hem zeper ýetdi.

Habar gulluklarynyň berýän maglumatyna görä, bu partlama Pakistanyň aňtaw gullugyna degişli binanyň golaýynda amala aşyrylypdyr.
XS
SM
MD
LG