Sepleriň elýeterliligi

Ýemende protestçiler Salehiň häkimiýetden gitmegini talap edýärler


Sişenbe güni Ýemeniň iki şäherinde ýurduň polisiýasy demonstrantlary dargatmak üçin ýaraglardan ot açdylar.

Onlarça müň ýemenliler ýurduň günorta welaýaty Şabwada we gündogar welaýaty Dhamarda prezident Ali Abdullah Salehiň häkimiýetden gitmegini talap etdiler.

Aly Abdullah Saleh Ýemene eýýäm 33 ýyl bäri baştutanlyk edýär.

Sişenbe güni ýurduň harbylary paýtagt Sananyň köçelerine hem çykdylar. Bu geçen aý protestler başlanaly bäri harbylaryň ilkinji sapar paýtagta çykmasydyr.

Duşenbe güni prezident Salehiň oppoziýa wekillerine gepleşiklere başlamaga çagyryş etmegine garamazdan, protestler dowam edýär.
XS
SM
MD
LG