Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: saudlylaryň demonstrasiýa geçirmäge haky bar


Birleşen Ştatlaryň bellemegine görä, Saud Arabystanyň halkynyň parahat demonstrasiýalary geçirmäge haky bardyr.

Döwlet departamentiniň metbugat wekili Filip Krowleýiň aýtmagyna görä, Birleşen Ştatlar adamlaryň ähliumumy hukuklaryny, şol sanda parahat üýşgemeleňleri we söz azatlygyny goldaýar.

Mundan öň Saud Arabystanyň içeri işleri ministri öz halkyna patyşalykda protestleri geçirmekligiň gadagandygyny ýatladypdy.

Arap döwletlerinde ýüz berýän protestlerden ruhlanyp, Saud Arabystanyň gündogarynda ençeme gün bäri şaýy toparlarynyň ýörişleri geçirildi.
XS
SM
MD
LG