Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň ozalky prezidenti häzirki wezipesinden çetleşdirildi


Eýranyň ozalky prezidenti Ali Akbar Haşemi Rafsanjani ýurduň Ekspertler Geňeşiniň başlygy wezipesinden çetleşdirildi.

Ekspertler Geňeşi döwlet organy bolup, ol ýurduň ýokary ruhany liderini saýlaýar, onuň hereketlerine gözegçilik edýär we hat-da ony wezipesinden hem çetleşdirip bilýär. Rafsanjani bu geňeşiň başlygy bolup dört ýyl oturypdy.

Eýranyň habar gulluklarynyň berýän maglumatyna laýyklykda, Rafsanjani oppozisiýa bilen ýakyn ilteşikde bolmakda aýyplanyp, Eýranyň konserwator syýasatçylary tarapyndan tankytlanyp gelýärdi.

Ekspertler geňeşi 86 adamdan ybaratdyr. Bu geňeşiň mejlisleri ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilýär.

Ekspertler geňeşiniň täze başlygy 80 ýaşly Mohammad Reza Mahdawi Kani boldy.
XS
SM
MD
LG