Sepleriň elýeterliligi

BMG: zenanlar heniz hem kemsidilmelere sezewar bolýarlar


Birleşen Milletler Guramasynyň Aýallar boýunça edarasynyň başlygy Mişel Baçeletiň bellemegine görä, Halkara Zenanlar gününiň bir asyr öň bellenilip başlanmagy häzire çenli dünýäde zenanlaryň meselesi boýunça “uly özgerişlikler” döretdi.

Çiliniň öňki prezidenti Mişel Baçeletiň beýanatynda aýdylmagyna görä, mundan ýüz ýyl ozal öz haklaryny talap etmek üçin bu başlangyjy ýola goýan zenanlar, dünýäniň häzirki ýagdaýyna syn etseler, onda olarda guwanç we gynanç duýgulary birlikde dörär.

Baçeletiň bellemegine görä, jynslaryň deňligini gazanmak uzak möhletleýin maksatdyr. Sebäbi zenanlar heniz hem kemsidilmelere sezewar bolýarlar, şeýle-de olaryň ykdysady we syýasy meseleler boýunça hem roly pes bolmagynda galýar diýip, Baçeletiň beýanatynda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG