Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýranyň tanymal zenanlary nirede?


Mir Hossein Musewiniň aýaly Zahra Rahnaward (sagda) we Mehdi Karrubiniň aýaly Fatemeh Karrubi

Mir Hossein Musewiniň aýaly Zahra Rahnaward (sagda) we Mehdi Karrubiniň aýaly Fatemeh Karrubi

Eýranda režim tarapyndan soňky wagtlarda nyşana alnan aýallaryň biri, oppozision ýolbaşçy Mir Hossein Musewiniň aýaly Zahra Rahnaward, beýlekisi hem Mehdi Karrubiniň aýaly Fatemeh Karrubi. Üç hepdä golaý bäri bu aýallaryň nirededigi belli däl. Musewi bilen Karrubiniň özlerini hem üç hepde bäri gören-bilen ýok.

Oppozisiýa ozal öý tussaglygynda saklanan bu adamlaryň indi paýtagt Tähranyň bir türmesine salnandygyna ynanýar. Hökümet bolsa olar barada başga maglumat bermän, olaryň diňe öz öýlerindediklerini aýdýar. Ýöne hatda olaryň çagalaryna-da öz ene-atalaryny baryp görmäge rugsat berlenok.

Zahra Rahnaward 2009-njy ýylda prezidentlik kampaniýasynda hemişe öz adamsynyň ýanynda bolup, üýşmeleňlere gatnaşdy. Bu hem yslam respublikasynda bir adaty zat däl. Bu ýerde syýasatçylaryň aýallary öz adamsy bilen görnüp ýörenoklar.

Rahnaward 2009-njy ýylda prezident Mahmud Ahmedinejadyň täzeden saýlanmagyna getiren jedelli ses berişlik netijesinde turan protestlerden soň hem aktiwligini ýitirmän, halka edilýän zulum-sütemi tankytlamagy, režimiň hüjüminden pida çeken maşgalalary goldamagy dowam etdirdi.

Käbir babatlarda öz adamsy Musewiden hem açyk gürleýän Rahnaward bir wideo ýazgysynda: “Bu režim gaty repressiw boldy. Biz häzir onuň iň bir zalym keşbini görýäris” diýdi.

Ozalky kanun çykaryjy, jemgyýetçilik işleri ministriniň öňki orunbasary Fatemeh Karrubi, Rahnaward ýaly daşarda göze ilip ýörmese-de, öz adamsy bilen birlikde dymyp oturmagy ret eden aýallaryň biri. Ol ýokary dini ýolbaşçy Aýatolla Ali Hameneýe açyk hat ýazyp, syýasy tussaglaryň maşgalalaryna edilýän hüjümlere ýokary dini ýolbaşçynyň jogapkärdigini aýtdy.

Öý-hojalykçy aýallar syýasatdan dașda

Bu aýallaryň ikisi-de öýde hemme zada kaýyl bolup, öz adamsynyň saýasynda oturýan aýallary ençeme ýyl bäri ideal aýal edip görkezmäge synanyşýan režimiň gaharyny getirdiler.

Naýereh Tohidi Kaliforniýanyň döwlet uniwersitetiniň jyns we aýallary öwreniş bölüminde professor. Onuň pikiriçe, Eýran hökümeti bu aýallaryň adamlary mobilizlemek potensialyndan gorkýar.

“Olar bir gowşak aýallar bolup, syýasata garyşman otursadylar, hökümet olary tutmazdy. Režimiň syýasy aktiwistleriň aýallaryny tutmagy giňden ýaýran zat däl. Bu aýallaryň tutulmagynyň sebäbi režimiň olaryň möhüm rol oýnaýandygyna göz ýetirenligi” diýip, Tohidi aýdýar.

Eýranda aýallaryň hukuklary ugrunda göreşýän tanymal aktiwist Asiýeh Amininiň pikiriçe, Zahra Rahnaward bilen Fatemeh Karrubiniň tutulmagy goşa adalatsyzlyk. “Prezidentlige dalaş eden iki adam. Ýöne oňa indi dört adam baha töleýär. Musewi bilen Karrubiniň aýallary hem ezýet çekýärler. Biz bu meselä köpräk üns bermeli” diýip, Amini aýdýar.

Eýran režimi sesini gataldyp, öz hukuklaryny soran aýallara hiç haçan çydamlylyk eden režim däl. 2009-njy ýylda geçen saýlawdan soň köçelerde bolan protestlere gatnaşan aýallara howpsuzlyk güýçleri has ýowuz çemeleşdiler. Şol protestlere gatnaşanlygy üçin türmä düşen bir aýal türmä düşen erkekleriň sanynyň gaty ýokary bolmagy mümkin, ýöne agyr şertler bilen ýüzbe-ýüz bolan aýallar diýipdir.

“Ýaşyl hereketiň” agzasy, adyny aýtmakdan saklanýan bir zenan Zahra Rahnaward bilen Fatemeh Karrubiniň kyn ýagdaýynyň köp adamlaryň ünsüni özüne çekmändigine gynanýandygny aýdýar.
XS
SM
MD
LG