Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine diplomat Robert E. Patterson teklip edildi


ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisihanasy, Aşgabat.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisihanasy, Aşgabat.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesiniň orny ençeme ýyl boş durandan soňra, ahyrsoňy bu wezipä diplomat Robert E. Pattersonyň teklip edilenligi belli boldy.

Ak Tam tarapyndan 4-nji martda çap edilen beýanatda aýdylyşyna görä, prezident Barak Obama ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine Döwlet departamentinde uzak wagtlap dürli wezipelerde işlän diplomat Robert E. Pattersony teklip etdi.

Synçylaryň aýtmagyna görä, ABŞ-nyň Türkmenistanda doly ygtyýarly ilçisiniň bolmazlygy Waşingtonyň bu ýurt barada alyp barýan syýasatyna ýaramaz täsirini ýetirýärdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça öňki kömekçisiniň orunbasary we düýbi Waşingtonda ýerleşýän "Proýekt 2049" instituty tarapyndan ýakynda çap edilen hasabatyň awtorlaryndan biri Ewan Feigenbaum Azatlyk Radiosy bilen ýakynda geçiren söhbetdeşliginde bu barada şeýle diýipdi: “Biziň toparymyz Senat tarapyndan ykrar edilmedik ilçiniň ýurtda bolmadyk halatynda ABŞ-nyň Türkmenistanda öz bähbitlerini gorap bilmejekdigini beýan etdi. Biz bu barada gaty alada galýarys we Obamanyň administrasiýasyny bu ugurda tizräk bir karara gelmäge çagyrýarys”.

“Proýekt 2049” instituty tarapyndan çap edilen hasabatda ABŞ-nyň Türkmenistanda we regionda ýerleşýän beýleki ýurtlar baradaky syýasaty hakda gürrüň edilýär. Şol maglumatda aýdylşyna görä, haýsydyr bir ýurtda doly ygtyýarly ilçiniň bolmazlygy Waşingtonyň ol ýurt boýunça öňde goýýan maksatlarynyň başa barmagyny kynlașdyrýar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň öňki resmisi Feigenbaum Türkmenistanda ençeme ýyllap doly ygtyýarly ilçiniň bolmazlygynyň Waşingtonyň Türkmenistan boýunça syýasatyny aňlatmaýanlygyny, eýse onuň bir býurokratik meseleden ybaratdygyny hem belledi.

Senat tassyklamaly

4-nji martda Ak Tam tarapyndan ýaýradylan beýanatdan çen tutulsa, şol boş ornuň ýakynda dolduryljakdygyny aýtsa bolar. Emma ýakyn wagtda diýlende-de, onuň ep-esli wagt almagy mümkin. Sebäbi Ak Tam tarapyndan islendik kandidatyň adynyň haýsydyr bir ýurt boýunça ilçi hökmünde teklip edilmegi şol adamyň agzalýan wezipä bellenendigini aňlatmaýar.

Daşary ýurtlarda iş alyp barýan amerikan ilçilerini wezipä bellemek boýunça düzgüne laýyklykda, prezident tarapyndan islendik adamyň kandidaturasy teklip edilenden soň, bu teklip Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetine ugradylýar. Netijede onuň kandidaturasy hakda komitetiň agzalarynyň arasynda gepleşikler geçirilip, umuman aýdylanda, ady teklip edilen şol kandidat komitetde diňlenişige çagyrylýar. Eger onuň ady bu synagdan hem geçse, onuň kandidaturasy Senatyň agzalaryna hödürlenýär, ol ýerde tassyklansa, kandidatyň öňünde täze iş ornunyň gapysy açylýar.

Robert E. Patterson bilen geçirilmeli diňlenişik barada Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň Web sahypasynda henize çenli haýsydyr bir anyk günuň kesgitlenenligi hakda maglumat berilmeýär. Diýmek, ähli prosesler şowly bolaýanda-da, Türkmenistanda işlemeli täze amerikan ilçisiniň wezipä başlamagynyň ençeme aý bolmasa-da, ençeme hepdäni aljakdygyny aýtsa bolar.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentinde 1985-nji ýylda işe başlan Robert E. Patterson mundan ozal ABŞ-nyň Keniýadaky ilçihanasynda ABŞ-nyň Somali boýunça wekili we ondan ozal hem ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasynyň Syýasy meseleler boýunça bölüminiň ýolbaşçysy wezipesinde ișläpdi. Ol ABŞ-nyň Wengriýadaky, Ukrainadaky we Ermenistandaky ilçihanalarynda hem syýasy bölümlere ýolbaşçylyk edipdi.

Robert E. Patterson ýokary bilimini ABŞ-nyň Rid Kollejinde aldy. Kolumbiýa uniwersitetinden M.A we M.Phil ylmy derejelerini alan Robert E. Pattersonyň ABŞ-nyň Harby deňiz kollejinden hem M.A. derejesi bar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG