Sepleriň elýeterliligi

Zenanlar gününiň halkara abraýy artýar


Yragyň paýtagty Bagdatda Halkara zenanlar gününiň 100 ýyllyk dabarasy bellenilýär, 8-nji mart.

Yragyň paýtagty Bagdatda Halkara zenanlar gününiň 100 ýyllyk dabarasy bellenilýär, 8-nji mart.

Şu ýylyň 8-nji marty, Halkara zenanlar gününiň 100 ýyllyk dabarasy hakykatdan-da halkara derejesinde geçýär. Dünýäniň 100-den gowrak döwletinde bu baýram uly dabara bilen bellenýär.

Emma Zenanlar gününiň bu ýyl șeýle dabaraly senesi bolsa-da, ol barybir käbir Günbatar döwletlerinde, şol sanda bu baýramyň dörän ýurtlarynda-da, bellenmedi.

Ilkinji Halkara zenanlar güni 1911-nji ýylyň 19-njy martynda Awstriýada, Daniýada, Germaniýada we Şweýsariýada geçirlipdi. Şonda milliondan gowrak adam zenanlar üçin iş ýerlerini, ses bermek we jemgyýetçilik edaralarynda işlemek ýaly hak-hukuklary talap edip, ýöriş geçiripdiler.

Atlantikanyň beýleki tarapynda, Birleşen Ştatlarda bu hereket has hem irräk döredi. 1909-njy ýylda bir wagtlar meşhur bolan “Amerikanyň Sosialistler partiýasynyň” kabul eden deklarasiýasy esasynda ilkinji sapar Birleşen Ştatlaryň zenanlarynyň güni bellenildi.

Nýu Ýork şäherindäki Barnard Kollejiniň taryh ylymlary boýunça professory Rosalind Rosenbergiň aýtmagyna görä, bu baýram halk arasynda, hususan-da zenanlaryň arasynda, iş ýerleriň ýetmezçiliginden ýaňa sabyr-takatyň gutarmagy bilen döräpdir.

"Men muny 1908-nji ýyllarda Nýu Ýork șäheriniň eteklerinde egin-eşik fabriklerinde öz aýlyklarynyň azlygyndan we ýaramaz iş şertlerinden ejir çekendigi üçin köçelere çykan 15,000 töweregi zenan bilen baglanyşdyrardym. Bu zenanlar iş orunlaryny tașlap, protest ýörișini geçirdiler” diýip, Rosenberg belleýär .

Rosenbergiň pikiriçe, olaryň geçiren bir portesti iş berijileriň we fabrik eýeleriniň şol birligi ykrar etmezligi bolupdy. “Biziň günlerimizde Birleşen Ştatlarda birleşmäniň juda uly mesele bolandygyny göz öňünde tutsak, bu barada şol wakalaryň 100-nji ýyllygy bilen bagly oýlanmak juda möhüm mesele” diýip, Rosenberg nygtaýar.

Ýagdaý özgerýär

Zenanlar güni Birleşen Ştatlarda resmi baýramçylyk hökmünde diňe dört ýyl bellenilipdi. Birinji jahan urşunyň başlanmagy bilen bu baýramyň bellenmegi hem ýatyryldy.

8-nji mart Halkara aýallar güni hökmünde diňe 1975-nji ýylda BMG-de resmi taýdan baýram hökmünde ykrar edilensoň, Birleşen Ştatlar bu baýramy makullady.

Ilkibaşda bu baýram Orsýetde we beýleki ýerlerde zenanlaryň işlemek hukugy ugrundaky ýörişi bilen baglanyşdyrylýardy. (Surat 1932-nji ýyla degişli)
8-nji mart öňki kommunistik ýurtlarda juda meşhurlyga eýe boldy. Emma ilkibaşda bu baýram Orsýetde we beýleki ýerlerde zenanlaryň işlemek hukugy ugrundaky ýörişi bilen baglanyşdyrylýardy. Şol döwürlerden şu güne çenli, bu biraz ýumşadylyp, sosialistik Walentin güni ýaly äheňde bellenilýär. Bu günki gün indi zenanlaryň hukuklaryny talap etmegiň ýerine olara güller we sowgatlar berilýär.

Rosenbergiň aýtmagyna görä, bu baýramyň Birleşen Ştatlarda uly meşhurlyga eýe bolmazlygynyň sebäbi onuň irki sosialistik şertleriniň bolmagy we Orsýetdäki rewolýusiýa bilen baglanyşdyrylmagydyr.

“Ýurtda ilkinji sapar Zenanlar gününi girizen ”Amerikanyň Sosialistik partiýasy” bolupdy. Birinji jahan urşunyň başlanmagy we bolşewistik rewolýusiýa sebäpli sosialistler Birleşen Ştatlarda çetde galdylar. Partiýa özüniň ömrüni dowam etdirse-de, Birinji jahan urşundan soň, onuň meşhurlygy öňküsi ýaly bolmady” diýip, Rosenberg aýdýar.

Ýöne indi ýagdaý hatda Birleşen Ștatlarda hem özgerýäne meňzeýär. Şu ýyl prezident Barak Obama 2011-nji ýylyň martyny “Zenanlaryň taryhy aýy” diýip, atlandyrdy. Şeýle-de zenanlaryň Halkara gününi bellemäge çagyrdy.

Birleşen Ştatlarda ýerleşýän aýallaryň meseleleri boýunça onlarça guramalar hem bu baýram bilen baglylykda ýörite çäreleri geçirmegi planlaşdyrýarlar.
XS
SM
MD
LG