Sepleriň elýeterliligi

Kaddafiniň güýçleri Zawiýah şäherine hüjüm etdi


Sişenbe güni Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafä ygrarly harby güýçler paýtagt Tripoliniň golaýyndaky Zawiýah şäherini ele almak üçin ýene nobatdaky gezek tanklar we uçarlar arkaly şähere güýçli hüjüm etdiler.

Kaddafiniň hökümet resmileriniň düýn bu şäheriň doly öz kontrollygyna geçendigini yglan edendiklerine garamazdan, käbir ýerli ýaşaýjylar Kaddafä garşy ýaragly toparlaryň şäherde henizem güýçli garşylyk görkezýändiklerini habar berdiler.

Kaddafiniň harby howa güýçleri düýn Tripoli şäherinden gündogarda ýerleşýän nebit porty bolan Ras Lanuf şäheriniň töwereklerinde-de ýaragly oppozision güýçlere garşy howa hüjümlerini geçirdiler.

Günbatar ýurtlary Liwiýadaky krizise çözgüt tapmakda we umumy bir karar kabul etmekde henizem kynçylyk çekýärler.
XS
SM
MD
LG