Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: gyrgyz prezidentine ýörite baýrak gowşuryldy


Sişenbe güni Waşingtonda Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa Döwlet Departamentiniň «Gaýduwsyz zenan» atly ýörite baýragy gowşuryldy.

Şeýlelikde, Roza Otunbaýewa Birleşen Ştatlaryň Döwlet Departamentiniň bu baýragyna mynasyp bolan 10 zenandan biri boldy.

Gyrgyzystanyň geçiş döwründe ýurdy demokratik proseslere tarap alyp barmakda bitiren işleri üçin berlen bu baýragy oňa prezident Obamanyň aýaly Mişel Obama gowşurdy.

Düýn bu wakanyň yzy bilen özbegistanly tanymal ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwist Mutabar Täjibaýewa prezident Roza Otunbaýewanyň Gyrgyzystandaky özbekleriň hukugyny goramakda edilen tamalary ödemändigini aýdyp, oňa baýrak gowşurylmagyna öz nägileligini bildirdi.

Şeýle hem, bu barada ýazan açyk hatynda Mutabar Täjibaýewa muňa protest hökmünde özüne Birleşen Ştatlaryň Döwlet Departamenti tarapyndan 2009-njy ýylda berlen baýragy yzyna gaýtarmakçydygyny nygtapdyr.
XS
SM
MD
LG