Sepleriň elýeterliligi

Serbiýa bilen Kosowo özara göni gepleşiklere başlady


Sişenbe güni Brýusselde Serbiýa bilen Kosowo 2008-nji ýylda Kosowanyň öz garaşsyzlygyny yglan edeli bäri ilkinji gezek özara göni gepleşikler geçirdi.

Ýewropa Bileleşiginiň resmileriniň araçyllyk etmeginde geçirilen bu gepleşiklerde taraplar düýpli bir ylalaşyga gelmeseler-de, munuň özi Serbiýa bilen Kosowanyň arasyndaky gatnaşyklarda uly öňegidişlik hasaplanylýar.

Aýratynam bu gepleşikler özara howa gatnawlary we territoriýalary hasaba almak ýaly gaýragoýulmasyz möhüm meseleleri sazlaşdyrmakda örän zerur bolup durýar.

Kosowo 2008-nji ýylyň başynda özüniň Serbiýadan garaşsyzlygyny yglan edeli bäri onuň garaşsyzlyk statusyny dünýäniň 75 döwleti resmi ýagdaýda ykrar etdi.
XS
SM
MD
LG