Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň oppozisiýa lideri Musawi “öý tussaglygynda otyr”


Sişenbe güni Eýranyň oppozisiýa lideri Mir Husseýin Musawiniň şahsy Web saýtynda onuň özüniň we aýalynyň öz öýlerinde, öý tussaglygynda oturandyklary barada maglumat peýda boldy.

Şeýle-de, Mir Husseýin Musawi bu Web saýta ýerleşdiren maglumatynda ýakynda özüniň türmä salnandygy barada peýda bolan maglumat sebäpli öz tarapdarlarynyň arasynda dörän aladalar üçin ötünç soraýandygyny hem mälim edipdir.

Eýranyň beýleki bir oppozisiýa lideri Mehdi Karrubiniň tarapdarlaryna degişli Web saýtda Mehdi Karrubiniň we onuň aýalynyň anyk nirededikleriniň henizem belli däldigi aýdylýar.

Mehdi Karrubiniň tarapdarlary onuň hökümet güýçleri tarapyndan näbelli bir ýere alnyp gidilendigini öňe sürýärler.

Mir Husseýin Musawi bilen Mehdi Karrubi şu ýylyň 14-nji fewralynda arap ýurtlaryndaky gozgalaňlary goldap, raýdaşlyk demonstrasiýasyny geçirmek barada çagyryş edenlerinden soň, howpsuzlyk güýçleri tarapyndan oý tussaglygyna alnypdylar.
XS
SM
MD
LG