Sepleriň elýeterliligi

Otunbaýewa “Gaýduwsyz Zenan” diýlen baýraga mynasyp boldy


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton (çepde) Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýyewa bilen Döwlet departamentinde, Waşington, 8-nji mart 2011-nji ýyl.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton (çepde) Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýyewa bilen Döwlet departamentinde, Waşington, 8-nji mart 2011-nji ýyl.

Bu ýyl Aýal-gyzlar güni bolan 8-nji mart Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýyewa üçin aýratyn ähmiýete eýe boldy. Sebäbi ol bu baýramçylygyň 100 ýyllygy mynasybetli sişenbe güni Amerikanyň Döwlet departamentinde geçirilen dabarada “Gaýduwsyz zenan” atly baýraga mynasyp boldy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Otunbaýyewa baýrak gowşurylmazyndan öň șol dabarada eden çykyşynda Gyrgyzystanyň prezidentine ýüzlenip, şeýle diýdi: “Biz şu güne çenli hiç haçan haýsydyr bir döwlet baştutanyna bu sylagy gowşurmandyk. Emma Merkezi Aziýada ýerleşýän bir ýurduň ilkinji zenan ýolbaşçysy hökmünde görkezen gaýduwsyzylygyňyz, ýolbaşçylyk ukybyňyz bizde örän oňyn täsir galdyrdy”.

Döwlet departamentinde sişenbe güni irden geçirilen dabara Otunbaýewa bilen birlikde Kongressiň ençeme agzasy, amerikan we daşary ýurt diplomatlarynyň ençemesi gatnaşyp, onda Halkara aýal-gyzlar güni we baýramçylygy barada dürli garaýyşlar orta atyldy.

Dabarada Gyrgyzystanyň prezidenti bilen bir hatarda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Baş prokurory Maria Beşiriň, Pakistanda iş alyp barýan hökümete degişli bolmadyk guramanyň ýolbaşçysy Gulam Sugranyň we Belarusda hereket edýän ýaşlar topary “Malady Frontuň” ýolbaşçysy Nasta Palažkankanyň hem agzalýan baýraga mynasyp bolanlygy yglan edildi.

Otunbaýyewa bilen bir hatarda pakistanly we owganystanly zenanlar bu dabara gatnaşyp, belarusly aktiwistiň bolsa dabara gatnaşmak üçin ýurtdan çykmagyna rugsat edilmänligi aýdyldy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton eden çykyşynda aýratynam Otunbaýyewanyň ýolbaşçylyk ukyby barada gürrüň edip, ýene şeýle diýdi: “Dargap barýan hökümetiň, regionlaryň arasyndaky agzalaçylyklaryň, ykdysady kynçylyklaryň dowam edýän pursatynda Otunbaýyewa ýurtda birleşdiriji roly oýnap, şeýle tragediýalara garamazdan, Gyrgyzystanyň bütewüligini gorap saklamagy başardy”.

Klinton aýratynam mundan birnäçe aý ozal Otunbaýyewa bilen duşuşanlygyny ýatladyp, şol duşuşykda onuň dürli meselelere gözýetiminiň näderejede giňdigine göz ýetirenligini we onuň özünde oňyn täsir galdyranlygyny hem belledi.

Otunbaýyewa bolsa öz nobatynda bu baýragy öz sesleriniň duýulmagy üçin tagalla edýän gyrgyzystanly zenanlaryň adyndan kabul edýänligini we bu baýragyň dürli kynçylyklara garamazdan, öz mertebesine sarpa goýulmagyny talap edip çykyş edýän adamlara degişlidigini nygtady.

Ondan öň Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýyewa duşenbe güni Ak Tamda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama we onuň howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Tom Danilon bilen hem duşuşdy. Habarlardan mälim bolşuna görä, şol duşuşykda gyrgyz-amerikan gatnaşyklary we Gyrgyzystandaky demokratik prosesleri goldamak meselesinde ABŞ-nyň oýnaýan roly bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy.

Otunbaýyewa bu saparynyň dowamynda 7-nji martda ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda ýerleşýän Karnegi fondunda hem çykyş etdi. Ol şol çykyşynda Gyrgyzystanda amala aşyrylan we mundan beýläk amala aşyrylmaly reformalar barada gürrüň berdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG