Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daglyk Garabagda dokuz ýaşly azeri oglany atyldy


Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň aýtmagyna görä, ermen mergeni dawaly Daglyk Garabag regionynda dokuz ýaşly azeri oglany atypdyr.

Goranmak ministrligiň metbugat wekili Eldar Sabirogly şeýle diýdi: “Ermenleriň okkupirlän territoriýasyndan sişenbe güni mergeniň ot açmagynda bir oglan kellesinden ýaralandy. Ol oglan keselhana äkidilýän wagty aradan çykdy”.

Garabagyň gozgalaňçy resmileri bu aýyplamalary ret etdiler.

Bu waka şu ýylyň hasabyna bu regiondaky bäşinji ölümdir. Iki tarap hem biri-birini ot açmakda günäkärleýär.

Halkara araçylar regionda gazabyň artmagyna öz aladalaryny bildirdiler.
XS
SM
MD
LG