Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň wise-prezidenti Moskwada gepleşiklere başlady


Çarşenbe güni Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Jo Baýden Moskwada Kremliň ýolbaşçylary bilen gepleşiklere başlady.

Gepleşikleriň başynda Jo Baýden Orsýetiň Bütindünýä Söwda Guramasyna agzalyga alynmagyny Birleşen Ştatlaryň goldaýandygyny aýtdy.

Jo Baýdeniň Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bilen hem gelpleşik geçirmegine garaşylýar.

Bu gepleşigiň çäklerinde esasan hem Ýewropada raketa hüjüminden goranyş ulgamlaryny ýerleşdirmek meselesine serediljekdigi habar berilýär.

Penşenbe güni Jo Baýdeniň premýer-ministri Wladimir Putin bilen hem duşuşjakdygy aýdylýar.

Şeýle-de Baýden bu saparynyň dowamynda Moskwanyň Döwlet uniwersitetinde hem çykyş eder.
XS
SM
MD
LG