Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýapon adasynda 7,2 ball derejesinde ýer yranma boldy


Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogar adasynda 7,2 ball derejesinde ýer yranma boldy.

Bu ýer yranmanyň täsiri paýtagt Tokioda hem duýuldy. Emma munuň bilen baglylykdaky ýitgiler we ýykgynçylyklar barada entek maglumat gowuşmady.

Ýerli medianyň habar bermegine görä, howpsuzlyk çäreleri sebäpli ýurduň demirgazyk-gündogarynda ekspress otlularynyň gatnawy togtadylypdyr.

Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogar adasy Sanrikuda mundan öň hem ýer yranmalar ýüz berýärdi.
XS
SM
MD
LG