Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kairde musulmanlar bilen hristiýanlar çaknyşdy


Müsüriň paýtagty Kairde musulmanlar bilen hristiýanlaryň arasynda çaknyşyk boldy. Bu wakada 10 adam öldi. Bu barada ýurduň howpsuzlyk we keselhana resmileri habar berýär.

Hristiýanlar ýekşenbe güni öz kelisesiniň otlanmagyna garşy çarşenbe güni Kairiň günortasyndaky magistraly böwetlediler. Haçan-da musulmanlar bu ýerden geçjek bolanda, iki tarap arasynda çaknyşyk döredi.

Iki tarap arasyndaky düşünişmezlikler hristiýan erkegi bilen musulman aýalynyň arasyndaky gatnaşyklaryň aýan bolmagyndan soňra döredi.

Hristiýanlar Müsüriň 80 million ilatynyň 10 prosent töwreregini tutýarlar.

Müsüriň hristiýanlary özleriniň äsgerilmeýändigine we özlerine garşy gizlin hüjümleriň amala aşyrylýandygyndan şikaýat edýärler.

Bu ýagdaýlardan soň çarşenbe güni Kairde ýüzlerçe adam pyçaklar bilen ýaraglanyp Tahrir meýdançasyndaky demokratik protestçileriň üstüne hüjüm etdiler.
XS
SM
MD
LG