Sepleriň elýeterliligi

Liwiýadaky gozgalaňçylar uçuş gadaganlygynyň girizilmegine çagyrýar


Çarşenbe güni Liwiýadaky gozgalaňçylar halkara jemgyýetçiligine Liwiýanyň howa giňişligindäki uçuşlara gadaganlyk girizmäge çagyryş etdiler.

Bu çagyryş Muammar Kaddafiniň tarapdarlarynyň howa hüjümlerini amala aşyrmagyna garşylyk hökmünde edilýär.

Muammar Kaddafi çarşenbe güni beren interwýusynda, eger-de Günbatar güýçleri Liwiýanyň howa giňişligine uçuş gadaganlygyny girizse, Liwiýanyň halkynyň ellerine ýarag aljakdgyny öňe sürdi.

Maglumatlara görä, mundan üç hepde ozal başlanan aýaga galmalar sebäpli, ýurtda azyndan 1,000 töweregi adam ölüpdir.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň penşenbe güni geçiriljek gepleşiklerinde, şeýle-de anna güni geçiriljek Ýewropa bileleşiginiň sammitinde Liwiýadaky ýagdaýlar maslahat ediler.
XS
SM
MD
LG