Sepleriň elýeterliligi

Liwiýadan gaýdan uçar Kairiň aeroportuna gondy


Habar gulluklarynyň berýän maglumatyna görä, çarşenbe güni Liwiýadan gaýdan şahsy uçar Müsüriň paýtagty Kairiň aeroportuna gondy.

Öz adyny aýtmakdan saklnan Kair aeroportunyň wekili bu uçarda Liwiýanyň ýük gatnawy we üpjünçilik boýunça ýolbaşçysynyň bardygyny aýtdy.

Adynyň tutulmagyny islemedik hökümet wekiliniň aýtmagyna görä, Liwiýanyň resmisi Abdul-Rahman bin Ali al-Said al-Zawi Kaddafiden habar getiripdir.
XS
SM
MD
LG