Sepleriň elýeterliligi

Owgan delegasiýasy türkmen resmiler bilen duşuşdy


Çarşenbe güni Türkmenistanyň Demirýol transport ministrliginde Owganystanyň Jemgyýetçilik işleri boýunça ministrliginiň delegasiýasy bilen Türkmenistanyň resmileri gepleşik geçirdiler.

Bu gepleşikde Türkmenistandan Owganystana çekilmegi göz öňünde tutulýan täze demirýol magistraly bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, taraplar Türkmenistanyň territoriýasynda 85 kilometr aralygy öz içine alýan Atamyrat-Ymamnazar demirýol liniýasynyň we soňra-da Ymamnazar stansiýasyndan Owganystanyň demirgazygyndaky Akin ilatly punktyna çenli 35 kilometr aralygy öz içine alýan demirýol liniýasynyň gurluşygy bilen bagly meseleler barada pikir alyşdylar.
XS
SM
MD
LG