Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda Andalybyň ýubileýine bagyşlanyp konferensiýa geçirilýär


Şu gün Türkmenistanda beýik türkmen klassyk şahyry Nurmuhammet Andalybyň doglan gününiň 350 ýyllygyna bagyşlanyp ýörite halkara ylmy konferensiýasy açylýar.

Aşgabatda we Daşoguzda geçiriljek bu üç günlük ylmy konferensiýa Orsýetiň döredijilik intelligensiýasynyň delegasiýasy-da gatnaşar.

Ylmy konferensiýanyň delegatlarynyň diňe bir edebi we ylmy çykyşlar bilen çäklenmän, eýsem Türkmenistanyň käbir taryhy ýerlerine, şol sanda Daşoguz welaýatyndaky Nurmuhammet Andalybyň dogduk obasy bolan Garamazy obasyna-da sapar etjekdikleri habar berilýär.
XS
SM
MD
LG