Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň wise-prezidenti Medwedew bilen duşuşdy


Çarşenbe güni Orsýete sapara baran Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Jo Baýden Moskwada Orsýetiň ýokary derejeli resmileri bilen gepleşik geçirdi.

Prezident Dmitriý Medwedew bilen geçiren duşuşygynda Jo Baýden Orsýetiň Dünýä Söwda Guramasyna agza bolmak ugrundaky tagallalaryny Waşingtonyň hem goldaýandygyny nygtady.

Şu gün ol Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin bilen hem duşuşar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG