Sepleriň elýeterliligi

11 täjik raýaty dini ekstremistik topara agza bolmakda günäli tapyldy


Çarşenbe güni Täjigistanyň sudy ýurduň 11 sany raýatyny kanun taýdan gadagan edilen «Hizb-ut Tahrir» atly dini ekstremistik topara agza bolmakda günäli tapdy.

Sogd oblastynyň sudy bu 11 adama jynsy, etniki we dini duşmançylygy öjükdirmekde, bikanun gurama agza bolmakda we bikanun ýol bir döwletiň konstitusion gurluşyny agdarmaga synanyşmakda günä bildirip, olara aýry-aýrylykda 5 ýyl bilen 20 ýyl aralygynda türme tussaglygyny berdi.

Orsýetiň «Interfaks» habar agentligi geçen 2010-njy ýylda Täjigistanda ekstremistik dini toparlaryň agzalarynyň 158-sine türme tussaglygynyň berlendigini habar berýär.
XS
SM
MD
LG