Sepleriň elýeterliligi

Germaniýanyň RWE kompaniýasynyň Hazar deňziniň geçiş zonasyndaky giňişlikde seýsmiki barlaglary geçirmek boýunça tender bäsleşigini yglan edenligi habar berilýär.

Türkmen metbugatynyň maglumatlaryna görä, seýsmiki barlaglar Ekerem şäherçesiniň golaýynda we Hazar deňzindäki 23-nji blokda geçiriler. 2011-nji ýylda başlanjak bu barlaglar 400 kwadrat kilometrlik giňişlikde seýsmiki şertleriň 3D formatda surata düşürilmegini öz içine alýar.

2010-njy ýylyň 27-nji noýabrynda yglan edilişine laýyklykda, bu tenderiň başky seçiş tapgyryna gatnaşan kompaniýalara gaýtadan arza ýollamak gerek däl. Bu hakda türkmen metbugaty RWE kompaniýasyna salgylanyp, habar berýär.

Bu tender bäsdeşligi, onuň düzgünleri we potensial bäsdeşlerden edilýän talaplar barada Germaniýanyň RWE kompaniýasynyň özünden maglumat almak başartmady. Garaşsyz synçylar bolsa Türkmenistanda yglan edilýän tender bäsleşikleriniň örän ýapyk görnüşde geçirilýänligine ünsi çekýärler.

Tenderleriň ýapyklygy

Orsýetiň Ýokary ykdysady mekdebi atly döwlet uniwersitetiniň Informasiýa, ykdysadyýet we syýasat fakultetiniň ýolbaşçylaryndan Andreý Suzdaltsew Türkmenistanyň tender düzgünleriniň aýratynlyklaryna bu ýerde işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň, şol sanda günbatar kompaniýalarynyň hem doly boýun bolýanlygyny belleýär.

Suzdaltsew Türkmenistanda tender bäsleşikleri resmi derejede yglan edilýän hem bolsa, öňünden saýlanyp alnan kompaniýalar göz öňünde tutulyp, netije çykarylýar diýen pikirde.

Bilermeniň pikiriçe, tenderleriň daşyndaky ýapyklyk türkmen ýolbaşçylaryna islemedik şirketlerini ýurda goýbermezlige mümkinçilik berýär.

Suzdaltsew şu günki gün Türkmenistanda günbatar kompaniýalaryna tarap ýykgyn edilýänligini, ors maýa goýujylarynyň bolsa mümkinçilikleriniň örän çäklendirilýänligini hem belleýär.

Türkmenistanyň RWE bilen hyzmatdaşlygy


Germaniýanyň RWE kompaniýasy 2009-njy ýylyň aprel aýynda türkmen hökümeti bilen hyzmatdaşlyk boýunça Memoranduma gol çekdi.

2010-njy ýylyň aprel aýynda RWE kompaniýasy Türkmenistanda öz bölümini açdy. Şonda RWE kompaniýasynyň Türkmenistandaky bölüminiň baş dolandyryjysy Heiko Opperman, bar bolan şertnamalara görä, RWE AG-niň Hazar deňzindäki 23-nji blogunda 3D seýsmiki barlag-anyklaýyş işlerini geçirmek üçin dört ýylyň dowamynda 60-80 million dollar möçberde maýa ýatyrmagy planlaşdyrýanlygyny aýdypdy.

2010-nji ýylyň sentýabrynda habar berlişine görä, RWE kompaniýasy “Nabukko” gazgeçirijisi arkaly geljekde Türkmenistandan ýylda 20 milliard kubometre çenli gaz akdyrmagy göz öňünde tutýar.
XS
SM
MD
LG