Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owganystandaky operasiýada prezidentiň garyndaşy heläk boldy


Penşenbe güni Owganystanda amerikanlaryň geçiren ýörite operasiýasynda ýurduň prezidenti Hamid Karzaýyň doganoglany öldürildi.

Ýerli häkimiýetleriň berýän maglumatyna görä, Hajy Ýar Mohammad Han çarşenbe güni giçlik öz etrabynda geçirlen operasiýada agyr ýaralanyp, aradan çykypdyr.

Prezidentiň kiçi dogany we ýurduň Kandagar welaýat geňeşiniň başlygy Ahmad Wali Karzaý bu ölümi tassyklady. Şeýle-de ol öz doganoglanynyň amerikan güýçleri tarapyndan “ýalňyşlyk” bilen öldürilendigini sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG