Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň wise-prezidenti Orsýetiň premýeri Putin bilen duşuşdy


Penşenbe güni Moskwada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wise-prezidenti Jo Baýden Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin bilen gepleşik geçirdi.

Bu gepleşikde maslahat edilen esasy meseleleriň arasynda ors-amerikan ykdysady gatnaşyklary we Orsýetiň Bütindünýä Söwda Guramasyna agzalyga kabul edilmegi bardy.

Premýer-ministr Putin iki ýurduň arasyndaky wiza režiminiň ýatyrylmagynyň ykdysady hyzmatdaşlyga itergi bolup biljekdigini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Jo Baýden “bu gowy pikir” diýdi.
XS
SM
MD
LG