Sepleriň elýeterliligi

Türkmen futbol topary indoneziýalylary 1:0 hasaby bilen ýeňdi


Türkmenistanyň Olimpiýa saýlama toparynyň futbolçylary 2012-nji ýylyň Olimpiadasynyň seçip alyş oýunlarynyň birinji tapgyrynyň oýunlaryny tamamlap, ikinji tapgyra geçdiler.

Türkmen futbolçylary çarşenbe güni Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda geçirilen jogap oýnunda Indoneziýanyň toparyndan 1:0 hasaby bilen üstün çykdylar.

23-nji fewralda Palembangda geçirilen birinji oýunda hem türkmen futbolçylary 3:1 hasabynda ýeňiş gazanmagy başarypdylar.

2012-nji ýylyň Olimpiadasynyň seçip alyş oýunlarynyň 19-njy we 23-nji iýulda geçiriljek ikinji tapgyrynyň oýunlarynda türkmen futbolçylarynyň bäsdeşleri bije atyşlyk netijesinde kesgitlener.

Ol bije atyşlyk 30-njy martda Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda ýerleşýän edara jaýynda geçiriler diýip, türkmen metbugaty ýazýar.
XS
SM
MD
LG