Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemeniň prezidenti Konstitusiýa üýtgetmeleri girizmekçi


Ýemeniň prezidenti Ali Abdullah Saleh ýurduň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri girizmäge söz berýär.

Prezident Salehiň bellemegine görä, Konstitusiýanyň täze görnüşi ýurtdaky kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji organlaryň biri-birinden garaşsyz işlemegine şert döreder.

Prezident Ali Abdullah Saleh paýtagt Sananyň futbol stadionynda özüniň müňlerçe tarapdarlarynyň öňünde çykyş etdi.

Oppozisiýanyň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, Konstitusiýany üýtgetmek planlary protestçileriň talaplaryny ödemeýär. Şeýle-de ol bu ädim “gaty giç ädildi” diýýär.

Ýemende ençemeçe hepde bäri prezident Salehiň häkimiýetden gitmegini talap edip, protestler geçirilýär.

Ali Abdullah Saleh Ýemene 32 ýyl bäri baştutanlyk edip gelýär.
XS
SM
MD
LG