Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Wekiller öýünde ýurtdaky radikalizm düşünjilerine garalýar


Penşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Wekiller öýüniň ýörite komiteti Amerikadaky käbir yslam toparlarynyň radikalizm düşünjilerini derňemek boýunça diňlenşige başlady.

Wekiller öýüniň Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy Piter King Al-Kaýdanyň we onuň bölümleriniň terror hüjümlerini amala aşyrmak üçin Amerikanyň öz içinden adamlary hakyna tutmagyna howatyrlanýandygyny aýtdy.

Şeýle-de Piter King Amerikadaky musulman liderlerini we ymamlaryny ýaş musulmanlaryň arasynda radikal düşünjileriň artmagyna garşy ýeterlik çäre görmeýändikleri we hukuk goraýjy guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmeýändikleri üçin aýyplady.

Musulmanlar we graždan hukuklaryny goraýjylar bu diňlenşigi ýazgardylar.

“Biz problemanyň bardygyny bilýäris. Ýöne bu kiçi mukdardaky zat hiç hem ulaldylyp görkezilmeli däldir. Birleşen Ştatlaryň kongressmeni Piter King muny umumylaşdyrmaly däldir” diýip, Amerikanyň Yslam gatnaşyklary geňeşiniň dolandyryjy direktory Nihad Awad aýtdy.
XS
SM
MD
LG