Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Forbes: häzir dünýäde 1,210 sany milliarder bar


Forbes žurnalynyň soňky ýaýradan hasabatyna görä, Orsýetde häzir 100 töweregi milliarder bar. Şeýle-de dünýäniň beýleki künjekleri bilen deňeşdirilende, iň köp milliarderler Moskwada ýaşaýar.

Forbes žurnaly her ýyl dünýä milliarderleriniň sanawyny çap edýär. Bu ýylky sanawda 101 sany orsýetli milliarderiň bardygy aýdylýar. Geçen ýyl bolsa ors milliarderliniň sany 62 bolupdy.

Orsýetli milliarderleriň arasynda iň baýy Wladimir Lysin diýlip görkezilýär. Onuň baýlygy 24 milliard amerikan dollaryna deň. Ol dünýä milliarderleriniň sanawynda 14-nji orna eýe boldy.

Forbesiň berýän maglumatyna görä, Hytaýda 115 sany milliarder bar. Şu ýyl Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda milliarderleriň sany 413 bolupdyr.

Dünýäniň iň baý adamy bolsa, meksikaly tele-aragatnaşyk pudagynyň läheňi Karlos Slim boldy. Onuň baýlygy 74 milliard dollara deň.

Ikinji orunda bolsa, 56 millard dollary bilen, Maýkrosoft kompaniýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýts dur.

Forbesiň aýtmagyna görä, häzir dünýäde 1,210 sany milliarder bar.
XS
SM
MD
LG