Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Talybana garşy göreşýän toparyň başlygy hökümetden nägile


Pakistanda Talybana garşy göreşýän harby toparyň ýolbaşçysy mundan beýläk ýurduň hökümetini goldamagy özüniň bes edip biljekdigini duýdurdy.

Dilawar Khan bu barada öz golastyndaky harbysyna çarşenbe güni janyndan geçen adamyň hüjüm etmeginden soň aýtdy.

Dilawar Khanyň bellemegine görä, Pakistanyň hökümeti söweşijilere garşy göreşýän harbylara ýeterlik derejede kömek etmeýär.

Pakistan ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Al-Kaýda we Talyban söweşijilerine garşy ençeme operasiýalary alyp barýar. Munuň bilen bir hatarda-da söweşijilere garşy göreşýän taýpalaryň harby toparlarynyň döredilmegine-de hemaýat berýär.
XS
SM
MD
LG