Sepleriň elýeterliligi

Dalaý Lama bosgunlykdaky Tibet hökümetiniň liderliginden çekilýär


Dalaý Lama bosgunlykdaky Tibet hökümetiniň syýasy liderliginden çekilýändigini mälim etdi.

75 ýaşly buddist monahy bu çykyşyny penşenbe güni Hindistanyň demirgazygyndaky Daramsala şäherinde etdi. Şol gün1959-njy ýylda Tibetiň Hytaý kontrollygyna garşy aýaga galamagynyň nobatdaky ýyl dönümidi.

Dalaý Lama öz çykyşynda indi hereketiň saýlanan lideri bilen öňe gitmeginiň wagtynyň gelendigini aýtdy. Ýöne muňa garamazdan, ol Tibetiň ruhy lideri bolmagyny dowam etdirjekdigini hem sözüne goşdy.

1989-njy ýylyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň laureaty Dalaý Lama 1959-njy ýylda Tibetiň Hytaýa garşy aýaga galmagynyň şowsuz geçmeginden soň, Gimalaý daglarynyň territoriýalaryny terk etmäge mejbur bolupdy.

Hytaý hökümeti Dalaý Lamany Tibetde tolgunyşyklara meçew beren separatist hökmünde häsiýetlendirýär.
XS
SM
MD
LG