Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýadaky çaknyşyklar dowam edýär


Oppozision güýçler kaddafiçileriň hüjümlerinden raketalar, howa hüjüminden goranyş serişdeleri bilen goranýarlar, Ras Lanuf, 10-njy mart.
Oppozision güýçler kaddafiçileriň hüjümlerinden raketalar, howa hüjüminden goranyş serişdeleri bilen goranýarlar, Ras Lanuf, 10-njy mart.
Liwiýanyň baştutany Muammar Kaddafiniň režimi bilen ylalaşman, aýaga galan we ýurduň ençeme şäherlerine kontrollyk edýän oppozision güýçler bilen resmileriň arasyndaky çaknyşyk söweş meýdanynda-da, diplomatik sahnada-da dowam edýär.

Diplomtik sahna barada aýdylanda, penşenbe güni oppozisiýa Bengazi şäherindäki wekiliniň baştutanlygynda Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkoziniň “Milli Geňeş” diýlip atlandyrylýan topary ykrar etmegini gazandy.

Geçirilen gepleşiklerden soň, Sarkoziniň administrasiýasy “Liwiýanyň Milli Geňeşini” liwiýa halkynyň wekili hökmünde ykrar edýändigini tassyklady.

Sarkozi gozgalaňçylar tarapyndan eýelenen Bengazi şäherine öz ilçisini ugratmagy, şeýle-de Parižde olaryň ilçisini kabul etmegi planlaşdyrýar.

Liwiýanyň harby uçarlary-da Ras Lanufdaky nebit terminallaryny eýýäm iki günläp bombalaýar, 10-njy mart.
Uruş meýdany barada aýdylanda, Kaddafä wepaly güýçler oppozisiýa garşy kontr hüjümlerini ýaýbaňlandyrýarlar. Oppozision güýçler bolsa çarşenbe güni nebit porty Ras Lanufy eýelemegi başardylar. Bu çaknyşyklarda Kaddafiniň güýçleri ilkinji sapar agyr artilleriýa ýaraglaryny ulanmaga başladylar.

Şol bir wagtyň özünde-de Liwiýanyň harby gämileri Ras Lanufa demirgazykdan deňiz üsti bilen hüjüm edýärler. Liwiýanyň harby uçarlary-da Ras Lanufdaky nebit terminallaryny eýýäm iki günläp bombalaýar. Berilýän maglumata görä, harby uçarlaryň hüjümleri netijesinde, onlarça adam ölüpdir, şeýle-de otlanan nebit tankerlerinden uly möçberde gara tüsse döräpdir.

Oppozision güýçler kaddafiçileriň hüjümlerinden raketalar, howa hüjüminden goranyş serişdeleri bilen goranýarlar.

Oppozisiýanyň hökümetiň gözegçiligindäki Bin Jawad şäherini eýelemek synanşyklary şowsuz boldy. Hökümet güýçleri olary howa hüjümleri we tanklardan ot açmak bilen yzyna serpikdirdi.

Halkara tagallalar


NATO-nyň 28 agzasy Liwiýa meselesine garaýar, Brýussel, 10-njy mart.



Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Liwiýadaky krizis bilen bagly Brýusselde duşuşyk geçirýärler. Şol bir wagtyň özünde-de NATO-nyň 28 agzasy hem Liwiýa meselesine garaýar.

Ýewropa Bileleşigi we NATO döwletleri Kaddafiniň häkimiýetden gitmelidigi bilen biragyzdan ylalalşýarlar. Emma has berkräk çäreleri, mysal üçin, howa giňişligi arkaly uçuş gadaganlygyny girizmek ýaly çäreleri bellemekde bolsa, bir pikire gelip bilenoklar.

Fransiýa we Britaniýa BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň howa giňişligindäki uçuş gadaganlygyny girizmek baradaky rezolýusiýasyny berk goldadylar.

Birleşen Ştatlar howa giňişliginde uçuş gadaganlygyny girizmek üçin halkara jemgyýetçiliginiň, şol sanda demirgazyk afrika we arap döwletleriniň ýolbaşçylarynyň hem goldawynyň bolmaldygyny öňe sürýär.

Orsýet howa giňişliginde uçuş gadaganlygyny girizmek pikirine garşy çykýar. Emma penşenbe güni prezident Dmitriý Medwedew halkara jemgyýetçiliginiň Liwiýanyň režimine ykdysady gadagançylyk girizmek tagallalaryna goşuldy.

Prezident Dmitriý Medwedew Demirgazyk Afrikadaky bu döwlete ýaraglaryň we harby serişdeleriň eksportyny, satylmagyny we daşalmagyny gadagan edýän buýruga gol goýdy.

Penşenbe güni Germaniýanyň hökümeti ýurtdaky Liwiýanyň Merkezi bankyna we inwestisiýasyna degişli bolan serişdeleri doňdurmagy görkezme berdi.
XS
SM
MD
LG