Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Edebi lakam — ebedi lakam


Baýryýew: "Edebi lakam ebedilige eýe bolmasa-da, oňa wagt ýagşydan-ýamandan baha keser diýip umyt edýärin".
Baýryýew: "Edebi lakam ebedilige eýe bolmasa-da, oňa wagt ýagşydan-ýamandan baha keser diýip umyt edýärin".
Edebi lakam — tahallus ýazyjynyň, şahyryň ýasama ady bolmak bilen, dünýä, aýratyn hem, Gündogar edebiýatynda giňden ýaýrandyr. Onuň mysallaryny öz köne edebiýatymyzdan islendik mekdep okuwçysy-da getirip biler: Döwletmämmet-Azady, Magtymguly-Pyragy, Nurmuhammet-Andalyp, Mämmetweli-Kemine we ş.m. Lakamlaryň soňra çyn atdan has ýörgünli ulanylandygy, ýagny onuň edebilikden ebedilige öwrülendigi-de mälimdir.

Žurnalist Aşyrguly Baýryýew, Aşgabat, 2010-njy ýyl.
Lakam alynmagynyň sebäbi-de, onuň saýlanyşynyň usuly-da dürli-dürlüdir. 20-nji asyryň başlarynda türkmen milli metbugaty döräp ugran uçurlary ýazyjy-şahyrlarymyz gazet-žurnallarda edebi lakam bilen hem çykyş edipdirler. Olar bilen tanyşmak okyjylar üçin gyzyksyz bolmasa gerek. Ilkinji habarçylar hökmünde çykyş eden şol awtorlaryň edebi lakam saýlap alanlarynda nähili akyla eýerendiklerini, olaryň sebäplerini çaklamagy okyjylaryň özlerine goýup, özümiň dürli çeşmelerden çöplän maglumatlarymy hödürleýärin.

Edebiýatymyzyň taryhyna-da Mollamurt tahallusy bilen giren şahyryň çyn adynyň Allaberen Hojanyýazdygyny bilýän köp däldir. Onuň habarçy hökmünde azyndan dört Akýal, Öwütli, Nesihatly, Saragtly lakamlaryny ulanandygyny bilýänler ondanam azdyr.

Kepje sakgal, Ýelken gulak, Akjyn lakamlaryna Berdi Kerbabaýewiň, Pişgemurt, Leňňeç, Garaçy lakamlaryna bolsa Garaja Burunowyň duwlanandygy bellidir.

Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň ilkinji başlygy hasaplanýan şahyr Hojanepes Çaryýew Daşdeşen diýen ýekeje lakamdan peýdalanypdyr. Belli edebiýatçy, şahyr, kyssaçy Abdylhekim Gulmuhammedowyň Ala ýabyly, ýazyjy Agahan Durdyýewiň hem Kirpi diýen bir lakamy bolupdyr.

Ýakup Nasyrly Il ogly, Otaýly, Durdy Agamämmedow Musallat, Towky ýaly iki lakam bilen çäklenipdirler.

Ýazan habarlaryna, hatlaryna, replikalaryna, satiriki goşgularyna we ş.m. eserlerine meşhur şorta şahyrlar Ata Salyh Sübse, Meşhur, Habarçy; Ata Köpek Mergen Ýyndam möjek, Keýgen telpek, Joý-joý; görnükli ýazyjy Ata Gowşut Jeýhun, A.Aman, Aňkaw; Ata Berdi ogly Böwürslen, Burkaz, Misgin diýen üç lakamy goýupdyrlar.

Sapar Bekdurdy diýen habarçy, belki-de ilkinji žurnalistlerimiziň biri, lakam sany boýunça öz döwürdeşlerinden has ozduryp, metbugatda Ýylgyn, Obadaş, Tanyş, Belet, Gören, Eşiden diýen alty lakam bilen çykyş edipdir.

Baha kesiler

Ýeri gelende aýtsam, şu setirleriň awtory Aşyrguly Baýryýew geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ortalarynda bu özboluşly “rekordy” tozana garmaga mejbur bolupdy. Hawa, şol wagtlar adym, familiýam hökümdar Saparmyrat Nyýazowyň gözüne gelmänsoň, edebi lakamy ulanmaga mejbur bolupdym. Ýogsam şol ýyllar “Diýar” žurnalynyň edebiýat, sungat we publisistika bölüminiň redaktorydym. Dogry, olar asyryň ýigrimi-otuzynjy ýyllardakydan tapawutlylykda lakama garanyňda asyl atlara golaýdy. Olary ýadymda galyşyna görä sanaýyn: Baýrammämmet Saryýew, Wezir Garajaýew, Çopanoglan Mämmedow, Warkaz Sarybag, Öwezjan Baýramow, Öwez Atdaýew, Gulaşyr Baýramow we ş.m.

Asyryň ahyrlarynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky ýeke-täk habarçysy merhum Saparmyrat Öwezberdiýewiň üsti bilen radionyň “Diňleýjilerimiz bize ýazýarlar” we beýleki rubrikalaryna iberen materiallaryma goýan ýasama atlarymdan Öwez Saryýewden özgesi ýadymda-da galmady. Galar ýaly hem däl. Çünki olary her bir materialda diýen ýaly üýtgedip durmaly bolupdym. Olaryň originallaryny bolsa ýakyp ýoklamaly bolýardym.

Lakam bilen çykyş etmegi, material ýazmagy gorkaklyk hasaplaýanam bardyr. Ýewropada bosgunlykda ýaşaýan bir ildeşimiz ‘lakam bilen her kimem çykyş edip biler, gep meniň ýaly öz adyň bilen çykyş etmekde’ diýen terzdäki teýenesini, elbetde, oňlamaýaryn. Nyýazowyň zabun, zalym režiminde lakamam seni gorap bilmeýär. Ýöne her niçik bolsa-da, doly öz sesim bilen çykyş edip başlaýançam, ynsanlyk we žurnalistlik borjumy berjaý etmekden ötri lakama duwlanmaly bolupdym.

Edebi lakam ebedilige eýe bolmasa-da, oňa wagt ýagşydan-ýamandan baha keser diýip umyt edýärin.

Aşyrguly Baýryýew aşgabatly žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG