Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky gyrgyz resmileriniň işi boýunça sud hökümi çykaryldy


Penşenbe güni Gyrgyzystanyň sudy ýurduň ozalky hökümet resmilerinden ikisine garşy bildirilýän jenaýat aýyplamasy boýunça ahyrky sud hökümini çykardy.

Sud Gyrgyzystanyň ozalky parlament deputaty we Gyrgyzystanyň Kommunistik partiýasynyň lideri Ishak Masaliýew bilen ýurduň prezident administrasiýasynyň ozalky başlygy Usen Sadykowa geçen ýylyň maýynda Oş we Jelal-Abat oblastlarynda hökümete garşy bikanun bulagaýçylyk turuzmak bilen baglanyşykly bildrilýän jenaýat aýyplamalaryna garady.

Ýurduň sudy Ishak Masaliýewe garşy aýyplamalaryň tassyklanylmandygyny aýdyp, ony aklady. Prezident administrasiýasynyň ozalky başlygy Usen Sadykowy bolsa sud bulagaýçylyklary öjükdirmekde günäli tapdy we ony alty ýyl şertli tussaglyga höküm etdi.
XS
SM
MD
LG