Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystandaky partlamada polisiýanyň ýolbaşçysy öldi


Penşenbe güni Owganystanyň hökümet resmileri ýurduň Gunduz welaýatynda janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran partlamasynda welaýatyň polisiýa edarasynyň başlygynyň ölendigini habar berdiler.

Gunduz welaýatynyň gubernatory Muhammad Anwar Jigdelegiň aýtmagyna görä, bu wakada polisiýa edarasynyň başlygy Abdul Rahman Saedhili 50 töweregi polisiýa işgäri bilen bile patrol gözegçiligini geçirýän eken.

Partlamanyň netijesinde Abdul Rahman Saedhili bilen bilelikde ýene azyndan iki adamyň ölüp, sekiz adamyň hem ýaralanandygy barada maglumat alyndy.
XS
SM
MD
LG