Sepleriň elýeterliligi

Saud Arabystany: polisiýa protestçileri dargatmak üçin güýç ulandy


Penşenbe güni Saud Arabystanynyň gündogaryndaky Katif şäherinde aglabasy şaýy mezhebinden bolan ýüzlerçe protestçileriň hökümete garşy geçiren protest demonstrasiýasynda ýurduň polisiýasy güýç ulanmaly boldy.

Käbir ýerli ýaşaýjylaryň polisiýanyň protestçilere garşy ýarag ulanandygyny tassyklandyklaryna garamazdan, ýurduň Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary bu wakalarda polisiýanyň diňe adamlaryň üstaşyry ok atandygyny aýtdy.

Şu gün Saud Arabystanynyň esasy uly şäherlerinde demokratiýa tarapdar aktiwistler hökümete garşy köpçülikleýin demonstrasiýalara çykarlar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG