Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyzyl Haç Liwiýadaky yagdaýlara alada bildirýär


Penşenbe güni Halkara Gyzyl Haç Komiteti Liwiýadaky ýagdaýlaryň graždanlyk urşy ýagdaýyna ýetendigini aýdyp, bu barada öz aladasyny mälim etdi.

Öz ýaýradan beýanatynda Gyzyl Haç Komitetiniň prezidenti Jakob Kellenberger Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafä ygrarly güýçler bilen onuň garşydaşlarynyň arasyndaky ýaragly söweşleriň mundan beýläk has-da güýçlenmek alamatlarynyň bardygyny nygtady.

Penşenbe güni Fransiýanyň hökümeti Liwiýanyň oppozision söweşjeň güýçleri tarapyndan döredilen Milli Geňeşi Liwiýanyň halkyna wekilçilik ediji resmi organ hökmünde ykrar edýändigini mälim etdi.

Bu wakalaryň fonunda bolsa, düýn bir wagtyň özünde Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri we NATO-nyň goranmak ministrleri aýry-aýrylykda Liwiýadaky meseleler boýunça Brýusselde maslahata başladylar.
XS
SM
MD
LG