Sepleriň elýeterliligi

Pakistan ýer-ýer kysymly raketanyň synag atyşyny geçirdi


Anna güni Pakistanda ýadro ýaragyny daşap bilýän ýer-ýer kysymly raketanyň synag atyşy geçirildi. Bu barada ýurduň harbylary maglumat berýär.

Harbylaryň ýaýradan beýanatynda aýdylmagyna görä, “HATAF2” atly raketanyň gizlin ýerde geçirilen atyşy üstünlikli bolupdyr.

Bu raketanyň 180 kilometre çenli uçmak mümkinçiligi bar.

1998-nji ýylda Pakistan we onuň goňşusy Hindistan özleriniň ýadro synaglaryny hem geçiripdiler.
XS
SM
MD
LG