Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanda 15 aktiwist tussag astyna alyndy


Anna güni Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda aktiwistleriň protest geçirmek synanyşygynda ýurduň polisiýasy azyndan 15 adamy tussag astyna aldy.

Aktiwistler arap döwletlerindäki aýaga galmalardan ruhlanyp, anna güni prezident Ylham Alyýewe garşy protest geçirmäge çagyryş edipdiler. Bu baradaky çagyryşlar “Facebook” sosial seti arkaly ýaýradyldy.

Halkyň Beýik Güni atly çäre başlanaly bäri, Azerbaýjanyň howpsuzlyk güýçleri dürli sebäpler bilen ýurduň belli aktiwistlerini gözenegiň aňyrsyna geçirdiler.

Anna güni paýtgat Bakuwyň esasy uniwersitetiniň we şäheriň metro stansiýalarynyň golaýlarynda ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň sany artdyryldy.
XS
SM
MD
LG