Sepleriň elýeterliligi

Brýusselde owgan meselesi boýunça duşuşyk geçirildi


Anna güni Owganystandaky harby kontingenti düzýän 50 töweregi döwletiň goranmak ministrleri Brýusselde duşuşyk geçirdiler.

Bu duşuşygyň dowamynda Halkara güýçleriniň Owganystandaky gözegçiligi ýerli güýçlere geçirmeginiň plany barada maslahat edildi.

Duşuşygyň başynda NATO-nyň Baş sekretary Anders Fogh Rasmussen çykyş edip, ýaranlygyň Owganystanyň käbir böleklerindäki gözegçiligi ýerli howpsuzlyk güýçlerine geçirilmeginiň bosagasynda durandgyny belledi.

Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Robert Geýtsiň bellemegine görä bolsa, halkara güýçleriniň “utgaşdyrylmadyk” görnüşde çykarylmagy öňki gazanylan üstünlikleriň üstüne atanak çekip biler.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý ýurduň gözegçiligini ýerli güýçlere geçirmek planynyň soňky görnüşini 21-nji martda yglan eder.
XS
SM
MD
LG