Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň aňtaw gullugy: Kaddafiniň güýji ykjam


Birleşen Ştatlaryň aňtaw gullugynyň başlygynyň bellemegine görä, Liwiýada Kaddafiniň güýçleri aýaga galan gozgalaňçylardan üstün çykjaga meňzeýär.

Milli aňtaw gullugynyň direktory Jeýms Klapper penşenbe güni ýurduň Senatynda çykyş edip, Kaddafiniň häkimiiýetden gitjekdine hiç hili yşaratlaryň ýokdugyny, şeýle-de onuň Liwiýadaky krizisiň gyssagly çözülmegine edýän tagallalarynyň hem görünmeýändigini belledi.

Şeýle-de Klapperiň bellemegine görä, gozgalaňçylaryňky bilen deňeşdirlende Kaddafiniň güýçleri has ykjam ýaraglanan we has oňaýly türgenleşdirilen.

Prezident Barak Obama we onuň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Tom Donilon Klapperiň bu analizlerini tankytladylar. Olaryň bellemegine görä bu “statistiki we bir taraplaýyn baha” bolupdyr.
XS
SM
MD
LG