Sepleriň elýeterliligi

Ýemende hökümetiň tarapdarlary we garşydaşlary köçelere çykdylar


Anna güni Ýemeniň paýtagty Sanada Juma namazyndan soň, hökümetiň onlarça müň tarapdarlary we garşydaşlary köçelere çykdylar.

Prezident Ali Abdullah Salehiň 32-i ýyllyk häkimiýetine garşy çykýanlar paýtagtyň Sana uniwersitetiniň daşynda ýygnandylar. Ýygnanan adamlaryň hatary iki kilometre çenli uzalýar.

Beýleki bir tarapdan, prezident Salehiň onlarça müň tarapdarlary paýtagtyň Tahrir meýdançasynda ýygnandylar. Olar ellerinde 68 ýaşly prezident Salehiň suratly plakatlaryny saklaýarlar.

Penşenbe güni prezident Saleh ýurduň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri girizmäge söz berdi. Emma oppozisiýa bu teklibi ret edip, bu ädimiň “gaty giç ädilendigini” aýtdy.
XS
SM
MD
LG