Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa Liwiýa garşy güýç ulanylmagyny şertli goldaýar


Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi, eger-de Muammar Kaddafi öz halkyna garşy howa hüjümlerini we himiki ýaraglary ulanýan halatynda, onda Liwiýa garşy harby güýç ulanylmagyny Fransiýanyň we Britaniýanyň goldaýandygyny aýtdy.

Prezident Sarkozi Ýewropa Bileleşiginiň Liwiýa meselesi boýunça sammitiniň açylşynda çykyş edip, onuň özi we Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron beýle çäreleriň “dolulygyna goranyş” matlaplydygy barada ylalaşanýandyklaryny aýtdy.

Şeýle-de Nikolýa Sarkozi beýle çäreler BMG-iň Howpsuzlyk Geňeşiniň oňlamagyndan, Arab Ligasynyň goldamagyndan we Liwiýanyň gozgalaňçylarynyň degişli çagyryşyndan soň geçiriljekdigini sözüne goşdy.

Häzir Kaddafiniň tarapdarlary Ras Lanuf şäherindäki gozgalaňçylara garşy tank we deňiz hüjümlerini amala aşyrýarlar.
XS
SM
MD
LG