Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýada beýikligi 10 metre çenli ýetýän sunami adany basdy


Anna güni Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogar adasynda dörän 8,9 ball derejesindäki ýer yranmadan soň, tolkunlarynyň beýikligi 10 metre çenli ýetýän sunami adany basdy.

Munuň Ýaponiýanyň taryhyndaky iň güýçli ýer yranmalaryň biri bolandygy aýdylýar.

Ýaponiýanyň premýer-ministri Naoto Kanyň bellemegine görä, bu ýer yranma ýurda “uly möçberde zyýan ýetiripdir”.

"Biz bu heläkçilik bilen bagly işlere seretjek we ähli kişiniň howpsuzlygyny üpjün etjek ýörite edara döretdik. Bu edara ýykgynçylygyň derejesini boldugyndan azaltmak ugrunda iş alyp barar” diýip, Naoto Kan belledi.

Berilýän maglumata görä, häzire çenli ölenleriň resmi sany 60 töweregi bolupdyr. Köp adamyň hem dereksiz ýitendigi aýdylýar.

Käbir çeşmeler Ýaponiýanyň polisiýasyna salgylanyp, kenarýaka sebitlerinde 300 töweregi jesetleriň hem tapylandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG