Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanda ýaş protestçiler köçä çykdy


Fotosýužet: Bakuwda anna günündäki protestde azyndan 15 adam tussag edildi.



Geçen aýda Müsürde bolan protestlerden ruhlanyp, Azerbaýjanyň ýaş aktiwistleri hem bu gün ýurtda hökümete garşy protestleri geçirmäge çagyryş etdiler. Olaryň çagyryşlary “Facebook” Internet sosial seti arkaly ýaýradyldy.

Ilkibaşda protestleri diňe wirtual giňişlikde, ýagny diňe Internet arkaly amala aşyrmak planlaşdyrylýardy. Emma anna günündäki protestlerde adamlaryň köçelere çykyp, hökümetiň hökmürowanlygyna garşy durmaga çagyryş edildi. Bu ädim Baku üçin belli bir derejede zarba boldy.

Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda aktiwistleriň protest geçirmek synanyşygynda ýurduň polisiýasy azyndan 15 adamy tussag astyna aldy. "Halkyň beýik güni" diýlip atlandyrylan protestleri gurnaýjylaryň aýtmagyna görä bolsa, tussag edilenleriň sany “onlarça”.

Proteste näçe adamyň gatnaşandygy anyk belli däl. Penşenbe güni öýlän 4 müň töweregi “Facebook” ulanyjylary bu protestlere gatnaşmaga öz raýdaşlyklaryny bildiripdiler, emma proteste gatnaşanlaryň sany onçakly kän däl.

Protesti gurnaýjylaryň aýtmagyna görä, garşy duruş aksiýasyny asuda ýagdaýda geçirmek planlaşdyrylýardy. Emma olar özleriniň ahyrky maksadyna, ýagny ýurduň “diktator režimini” syndyrmaga gezek gelende, nähili hereketleri planlaşdyrýandyklary barada kelam agyz hem söz aýtmandylar.

Azerbaýjanyň hökümeti beýle çagyryşy onçakly sypaýyçlykly kabul edenok. Soňky birnäçe günüň dowamydna azeri hökümeti 11-nji mart protestleri bilen bagly ençeme aktiwistleri tussag etdi. Mundan başga-da 12-nji martda portestleri geçirmegi planlaşdyrýan oppozision “Musawat” partiýasynyň wekilleri hem göz astyna alyndy.

Azerbaýjanyň beýleki oppozision partiýasy bolan “Azerbeýjanyň yslam partiýasy” hem ýakyn günlerde protest geçirmegi göz öňünde tutýar.

Azerbaýjanda tussaglykda bolanlaryň arasynda Bagtyýar Hajyýew hem bar. Ol ýurduň içinden bu protestleri geçirmäge çagyryş edýän ýeke-täk adamdyr. Hajyýew 2009-njy ýylda Harward uniwersitetini tamamlapdy.


Wideo: Anna günündäki protestden pursatlar

Fransiýada ýaşaýan başga bir aktiwist Elnur Majidliniň bellemegine görä, Azerbaýjanyň hökümeti aktiwistleri tussag etmek bilen, oppozisiýanyň prezident Ylham Alyýewiň režimine garşy çykmagyndan resmileriň näderejede howatyrlanýandygyny görkezýär.

“Ýagdaýy has-da erbetleşdirýär”

"Eger-de hökümet ‘Facebook’ saýtynda ýerleşdirilen sahypasy üçin ýaş adamlary tussag edýän bolsa, şeýle-de olaryň maşgala agzalaryna basyş görkezýän bolsa, onda bu hökümetiň soňy diýmekdir. Hökümet muny öz hereketleri bilen subut etdi. Hökümet ýaşlary tussag etmegini dowam etdigiçe, olaryň protest geçirmegine meçew berer. Galyberse-de, bu resmileriň ýagdaýyny has-da erbetleşdirer” diýip, Elnur Majidli nygtady.

“Halkyň beýik güni” diýlip atlandyrylan protestiň geçirilmeginiň anna gününe bellenilmegi ýöne ýerden däl. Ony gurnaýjylaryň aýtmagyna görä, bu Müsürde protestleriň netijesinde Hosni Mubaregiň häkimiýetden çetleşdirilmeginiň bir aýlygyna gabatlanyp geçirilýär. Dogrudan-da, portestlere çagyrýanlaryň müsürli egindeşleri bilen meňzeş taktikasy we maksatlary bar.

Hökümete ygrarly ýaşlaryň topary 11-nji martda protest geçirmek boýunça çagyryşlara päsgel bermek üçin alada etdiler. Şeýle-de olar hökümete garşy çykýanlaryň dogruçyllygyny sorag astynda goýýarlar. Emma tussag edilen Bagtyýar Hajyýewiň ejesi Solida Mowlaýewa öz oglunyň Azerbaýjanyň geljegi üçin göreşýändigini aýdýar.

“Bagtyýar öz syýasy garaýyşlary üçin tussag edildi. Ol adalatyň gözlegine çykandygy üçin tussag edildi. Bagtyýar öz ýurdunyň watançysy. Ol öz watanynam, halkynam gowy görýär. Eger-de bu beýle bolmasa, ol başga bir ýerde bilim almaga pul töländen soň, yzyna dolanyp gelmezdi. 1937-nji ýyldaky repressiýalar bu günem dowam edýär. Biz bu zatlara Bagtyýaryň tussag edilmegi bilen şaýat bolduk” diýip, Solida Mowlaýewa belledi.

Tunisde we Müsürde bolan garşy durmalardan ruhlanyp, dünýäniň ençeme ýurdunda adamlar aýaga galdy. Nebite baý Azerbaýjan hem bulardan çetde galmady. Alyýewiň demir penjesi bilen dolandyrylýan ýurtda garyplygyň artmagy, syýasy we dini çäklendirmeler sebäpli ilat arasynda uly nägilelikler döreýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG